Federasiýa Kubogy – 2021: 5-nji hem-de 7-nji orunlar ugrundaky duşuşyklar geçirildi
24 Iýun, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrundaky ýaryşda bäşinji hem-de ýedinji orny eýelemek ugrundaky duşuşyklar geçirildi.

“Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümini 3:2 hasabynda ýeňen “Köpetdag” topary TFF-niň Kubogynda ýedinji orny eýeledi. Bäşinji orun ugrunda geçirilen duşuşykda “Nebitçi” topary “Şagadamdan” 4:1 hasabynda üstün çykdy.

TFF-niň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklary 25-nji iýunda geçirilip, onda “Energetik” “Ahal” bilen “Aşgabat” bolsa “Merw” bilen güýç synanyşar.

Bäsleşigiň final duşuşygy 27-nji iýunda oýnalar.

7-nji orun üçin duşuşyk:

“Altyn Asyr II” – “Köpetdag” – 2:3

5-nji orun üçin duşuşyk:

“Şagadam” – “Nebitçi” – 1:4

25.06.2021 ý.

Ýarym final duşuşyklar:

18:15 “Energetik” – “Ahal”

20:30 “Merw” – “Aşgabat”

27.06.2021 ý.:

18:15 3-nji orun ugrundaky duşuşyk

20:30

Final

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.