“Ahal” topary TFF-niň Kubogynyň ýeňijisi boldy
27 Iýun, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda “Ahal” bilen “Merw” toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşykda döreden mümkinçiligini has ýerlikli peýdalanan “Ahal” 1:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, baş baýraga mynasyp boldy.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” topary Mary şäheriniň “Energetiginden” 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Aşgabat şäherinde geçirilen TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşikde Milli ligamyzyň toparlarynyň 7-siniň (“Aşgabat” , “Merw”, “Ahal”, “Energetik”, “Nebitçi”, “Şagadam”, “Köpetdag”) jem-de “Altyn Asyr” toprynyň ýaşlar düzüminiň gatnaşandygyy ýatladýarys.

Final

“Ahal” – “Merw” – 1:0

Gol: 44 (11 m.j.u.) Serdar Geldiýew (“Ahal”)

Bellik: Duşuşygyň 59-njy minutynda Resul Hojaew (“Ahal”) 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi).

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk

“Aşgabat” – Energetik” – 1:0

Gol: 50 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.