Federasiýa Kubogynyň ýarymfinalçylary belli boldy
22 Iýun, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalynda çykyş etjek toparlar belli boldy.

Aýgytlaýjy duşuşyklarda çykyş etjek toparlar toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleri boýunça mälim edildi. “B” toparçada geçirilen duşuşyklarda “Merw” “Nebitçini” (3:2), “Ahal” bolsa “Köpetdagy” (3:0) ýeňlişe sezewar etdiler.

Şeýlelikde, “B” toparçada “Merw” bilen “Ahal” toparlary ýarymfinala çykmagy başardylar.

TFF-niň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklary 25-nji iýunda geçiriler: “Energetik” – “Ahal”, “Aşgabat” – “Merw”.

Bäsleşigiň final duşuşygy 27-nji iýunda oýnalar.

Üçünji tapgyryň netijeleri:

“B” topar

“Nebitçi” – “Merw” – 2:3

Gollar: 45+3 Begli Meredow, 47 Akmmämet Metdäýew (“Nebitçi”) – 3 Pirmyrat Gazakow, 45, 90+4 Rahmet Şermetow (“Merw”)

“Ahal” – “Köpetdag” – 3:0

Gollar: 4 Gurban Annaýew, 45+2 Hoşgeldi Hojowow, 48 Serdar Geldiýew (“Ahal”)

Ýaryşyň tablisasy

“A” toparça

T/bToparlarOÝDUTU
1.ENERGETIK FK32106-37
2.AŞGABAT FK31204-35
3.ŞAGADAM FK31022-43
4.ALTYN ASYR II30127-91

“B” toparça

T/bToparlarOÝDUTU
1.MERW FK33006-39
2.AHAL FK32016-36
3.NEBITÇI FK31026-63
4.KÖPETDAG FK30031-70

24.03.2021 ý.

7-nji orun üçin duşuşyk:

18:15 “Altyn Asyr II” – “Köpetdag”

5-nji orun üçin duşuşyk:

20:30 Şagadam” – “Nebitçi”

25.06.2021 ý.

Ýarym final duşuşyklar:

18:15 “Energetik” – “Ahal”

20:30 “Merw” – “Aşgabat”

26.06.2021 ý. dynç güni

27.06.2021 ý.:

18:15 3-nji orun ugrundaky duşuşyk

20:30 Final

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.