Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 24-nji iýunda geçiriler
19 Iýun, 2021 ý.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasyny şu ýylyň 24-nji iýunda geçirmek baradaky karara geldi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda aýdylýar.

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyny Hytaý Halk Respublikasy kabul eder. 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşy şäherleriň 10-synda (Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn, Suçjou) guralar.

Bilşiňiz ýaly, Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyry 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry bilen utgaşykly alnyp barlypdy. Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde dünýä çempionaty – 2022-niň nobatdaky tapgyryna Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň hem-de Liwanyň ýygyndy toparlary gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýygyndylar şol birwagtda Aziýa Kubogy – 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk aldylar.

Yklym ýaryşynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän galan 11 ýollanma saýlama tapgyryň netijesinde kesgitlener.

Ikinji saýlama tapgyrynyň netijesinde ýygyndylaryň 22-si atlaryny üçünji saýlama tapgyryna ýazdyrdylar. Bu sanawa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem goşulandygyny bellemek gerek. Saýlama tapgyrynda çykyş etjek beýleki iki ýygyndy bolsa pleý-off oýunlarynyň netijesinde kesgitlener.

Üçünji saýlama tapgyrynda çykyş edýän ýygyndylar: Özbegistan, Iordaniýa, Bahreýn, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan, Taýland, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Kuweýt, Owganystan, Malaýziýa, Singapur, Mongoliýa, Gonkong, Maldiwler, Şri-Lanka, Nepal, Mýanma, Ýemen, Bangladeş.

Pleý-off tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar: Indoneziýa, Kamboja, Hytaý Taýpeýi, Guam.

Utulan-çykdy oýunlarynyň şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda, saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň bolsa şu ýylyň 11-nji noýabry bilen 2022-nji ýylyň 14-nji iýuny aralygynda geçirilmegine garaşylýar. 24-nji iýunda geçiriljek bije çekişlik dabarasynda ýygyndy toparymyzyň çykyş etjek toparçasy belli bolar.

Üçünji saýlama tapgyrda 6 toparça emele geler. Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylara yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.