Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy täze toparynda bassyr üçünji goluny geçirdi
03 Maý, 2021 ý.

Gazagystanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň çäginde “Kaspiý” topary geçen möwsümiň çempiony “Kaýrat” topary bilen duşuşdy. Aktau şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Bu duşuşykda ilkinji bolup hasaby ýer eýeleri açmagy başardy. Duşuşykdaky birinji goly 32-nji minutda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow öz adyna ýazdyrdy. Şondan bäş minut soň “Kaýrat” toparynyň ýarymgoragçysy Aýbol Abiken meýdandan çykaryldy. Ýöne muňa garamazdan, oýnuň 41-nji minutynda Denis Polýakow deňlik getiren topy öz adyna ýazdyrdy.

Bu tapgyrdan soň utugyny 5-e ýetiren “Kaspiý” ýaryş tertibinde 9-njy orny eýeleýär. 11 utugy bolan “Kaýrat” 2-nji orunda orunda ornaşmagy başardy. Ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny “Astana” topary eýeleýär (11 utuk).

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow bassyr üçünji duşuşykda netijeli urgy geçirmegiň hötdesinden geldi. Şu ýylyň fewral aýynda “Kaspiý” topary bilen şertnama baglaşan ildeşimiziň geçen möwsümde Gazagystanyň “Irtyş” hem-de “Şahtýor” toparlarynda çykyş edendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.