“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin bäsleşiginiň finalyna çykdy

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda “Dordoý” topary bilen duşuşan “Ahal” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bişkekdäki “Dolon Omurzakowyň” adyny göterýän stadionda geçirilen duşuşykda gazanan ýeňşi “Ahaly” ýaryş tertibinde birinji orna çykardy.

“E” toparçada çykyş edýän “Ahal” AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin bäsleşiginiň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu toparçanyň çäginde duşuşýan “Dordoý” bilen “Rawşan” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň netijesine garamazdan, toparymyz birinji ornuny saklap galar.

Şeýlelikde, “Ahal” Merkezi Aziýa sebitiniň zolaklaýyn bäsleşiginiň final duşuşygynda “F” toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu duşuşyklar 11-nji hem-de 25-nji awgustda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.