“Altyn Asyr” AFK-nyň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji ýeňşini gazandy

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy-2021-iň toparçalaýyn bäsleşigindäki ikinji duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparyny 5:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykdaky birinji top oýnuň 2-nji minutynda geçirilip, ony “Alaý” toparynyň oýunçysy O.Abdugafarow öz derwezesinden geçirdi. Mundan başga, “Altyn Asyryň” düzüminde Altymyrat Annadurdyýew (41, 90+3, ikisi-de 11 metrlik jerime urgusyndan), Wezirgeldi Ylýasow (44) hem-de Mihail Titow (48) tapawutlanmagy başardylar.

Gazanan bu ýeňşinden soň 4 utuk toplan “Altyn Asyr” topary “F” toparçada birinji basgançagy eýeleýär. Geçiren iki duşuşygynda hem ýeňlen “Alaý” soňky orunda barýar. Bu toparçanyň beýleki wekilleri “Nasaf” 3, “Hujand” topary bolsa 1 utukdan toplamagy başardylar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.