Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysynyň çykyş edýän topary ýeňiş gazandy

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda ýeňiş gazanan “Sogdiana” toparynda netijeli oýun geçirdi. Bu barada championat.asia saýtynda habar berilýär.

Özbegistanyň futbol çempionatynyň ýedinji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda “Metallurg” bilen duşuşan ildeşimiziň topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky birinji topy oýnuň 35-nji minutynda Ş.Jurabekow öz adyna ýazdyrdy. A.Amanowyň pasy bilen geçirilen ikinji topy oýnuň 86-njy minuynda M.Kolakowiç geçirdi.

Türkmenistanly futbolçynyň uşuşygyň 74-nji minutynda J.Hasanowyň ornuna meýdana girendigini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, 30 ýaşly A.Amanow “Sogdiana” toparynyň düzümine şu ýylyň ýanwar aýynda goşuldy. Ýarymgoragçymyz geçen möwsüm Almalyk şäheriniň AGMK toparynda geçirdi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.