“Sport” teleýaýlymynda «Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy görkeziler

Şu gün, 16-njy aprelde Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Onuň dowamynda  Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdakysynyň öňüsyrasy toparlaryň transfer möwsüminde amala aşyran alyş-çalyşlary barasynda giňişleýin gürrüň ediler.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem durlup geçiler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.