Ýewropanyň hem-de Aziýanyň türki dilli ýurtlarynyň futbol assosiasiýalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi

14-nji aprelde Ýewropanyň hem-de Aziýanyň türki dilli ýurtlarynyň futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň (Türkmenistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Wengriýa, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy) gatnaşmaklarynda wideokonferensiýa arkaly maslahat geçirildi.

Geçirilen maslahatyň açylyşynda gutlag sözi bilen Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň prezidenti Nihat Özdemir çykyş etdi. Şeýle-de, maslahata Türk bileleşiginiň baş sekretary Bagdad Amreýew, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow, Azerbaýjanyň futbol Assosiasiýasynyň prezidenti Rownag Abdullaýew, Wengriýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Şandor Çani, Özbegistanyň futbol Assosiasiýasynyň wise-prezidenti Rawşan Irmatow, Gazagystanyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Azamat Aýthojin hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Futbol bileleşiginiň prezidenti Kanatbek Mamatow dagy gatnaşdy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar türki dilli döwletleriň futbol assosiasiýalarynyň arasynda futboly ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak, milli ýygyndylaryň hem-de toparlaryň arasynda halkara bäsleşiklerini geçirmek, futbol hünärmenlerini taýýarlamak hem-de olaryň arasynda pikir alyşmak, futbol assosiasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barasynda maslahatlaşdylar.

Wideokonferensiýanyň dowamynda ýedi döwletiň futbol assosiasiýalarynyň hyzmatdaşlyk etmek baradaky netijeleriniň esasynda tälimçileri taýýarlamak, eminleri halkara ýaryşlarynda eminlik etmäge hem-de olaryň hünär derejelerini artdyrmak üçin maslahatlary geçirmek, dürli ýaşdaky ýygyndy toparlaryň gatnaşmagynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek, şol sanda türki bileleşiginiň kuboklaryny döretmek barada karara gelindi.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden TFF-niň başlygy Arslan Aýnazarow türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmek baradaky gelnen netijäni doly goldaýandygyny belläp geçdi. “Taryhy maslahaty guramaga itergi berendigi üçin Türkiýäniň Futbol federasiýasyna sag bolsunymy aýdýaryn. Türki dilli ýurtlarynyň futbol assosiasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň her bir milli assosiasiýanyň alyp barýan işini täze derejä çykarmaga uly mümkinçilik berjekdigine uly ynam bildirýärin” diýip, Arslan Aýnazarow eden çykyşynda aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.