“Altyn Asyr” ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň iki oýunçysy bilen şertnama baglaşdy

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňüsyrasy düzümine milli ýygyndymyzyň oýunçylarynyň ikisini geçirdi.

Olaryň ilkinjisi “Ahal” toparynyň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew, ikinjisi bolsa geçen möwsüm Özbegistanyň “Kyzylkum” toparynda çykyş eden Wezirgeldi Ylýasow.

Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary geçen möwsümiň jemi boýunça bassyr ýedinji çempionlygyny gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.