«Şagadam» çempionatymyzyň toparlarynyň oýunçylarynyň birnäçesini düzümine geçirdi

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» toparynyň oýunçylary Möwlamberdi Goşşanow, Resul Mahmydow, Mekan Aşyrow hem-de Bagtyýar Gürgenow öňümizdäki möwsümde Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparynyň düzüminde kärendesinde çykyş ederler.

Şeýle-de, «Ahalyň» öňki oýunçysy Murat Ýakşiýew, «Nebitçiniň» oýunçylary Saýat Gulyýew, Baýramsähet Sapargylyjow, «Energetigiň» oýunçysy Guwançmyrat Ýagmyrow hem-de «Köpetdagyň» oýunçysy Roman Galkin hem hünär ýollaryny «Şagadamda» dowam ederler. Geçen möwsümde Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda «Migrasiýa» toparynda çykyş eden Ruslan Täjiýew hem Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň düzümine goşuldy.

Mundan başga-da, «Şagadam» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda geçiren 28 duşuşygynda toplan 47 utugy bilen 3-njy orny eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.