«Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemlerine bagyşlandy
02 Maý, 2021 ý.

1-nji maýda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Bu gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2020-niň jemleri barasynda giňişleýin gürrüň ediler.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty bolan tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem giňişleýin gürrüň ediler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.