Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ösüş gazandy

Şu gün FIFA-nyň täzelenen sanawy köpçülige ýaýradyldy. Bu guramanyň resmi sanawynda bellenilişi ýaly öňdäki üç orny öňküsi ýaly Belgiýanyň, Fransiýanyň hem-de Braziliýanyň milli ýygyndylary eýeleýärler.

Öňki sanawa garanyňda iki basgançak ösüş gazanan Türkmenistanyň milli ýygyndysy täzelenen sanawda 130-njy orny eýeleýär. Milli ýygyndymyzyň dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlarynyň eýeleýän orunlary: Koreýa Respublikasy – 39-njy orun, Liwan – 93-nji orun, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy – 109-njy orun, Şri-Lanka – 204-nji orun.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.