Türkmenistanyň Futbol federasiýasy paýtagtymyzyň futbol mekdeplerine futbol toplaryny sowgat berdi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ giň­den or­naş­dyrylyp, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe, sport we sa­gal­dyş çä­re­le­ri­ giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ylýar.

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem eziz Watanymyzda sportuň futbol görnüşiniň ösdürilmegi ugrunda köp işleri alyp barýar. Ýurdumyzda ýaşlary futbola çekmek maksady bilen futbol festiwallarynyň onlarçasynyň guralýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýedinji aprelde dünýäde, şol sanda Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli TFF-niň guramagynda şu gün Küşt-şaşka mekdebiniň konferensler-zalynda Aşgabat şäheriniň futbol mekdepleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplarynyň onlarçasy bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn oýun görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri doly goldaýar. «Bu diňe bir çagalary sporta çekmek bilen bagly bolman, eýsem-de, olar bilen ýakyndan gatnaşmaga hem itergi berýär. Mundan başga-da, oýun görnüşleri bilen meşgullanýan çagalarda birek-birek bilen dostlaşmaga hem gowy mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, futbol toplary bilen ýörite sowgatlar ýurdumyzyň hemme welaýatlarynyň sport mekdeplerine gowşurylar» diýip, TFF-niň başlygy belläp geçdi.

Golaý günlerde TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň bilelikde gatnaşmagynda bu duşuşyklar ýurdumyzyň hemme welaýatlarynda geçirilip, ýerli futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabaralary geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.