Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy täze toparynyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi

“Kaspiniň”  ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow täze toparynyň düzümindäki ilkinji goluny geçirmegi başardy diýip, turkmenportal.com saýty habar berýär. Türkmenistanly ýarymgoragçy Gazagystanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde “Žetysu” topary bilen geçirilen duşuşykda tapawutlandy.

Aktau şäherinde geçirilen duşuşykda “Kaspiý” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Milli ýygyndymyzyň ýarymgoragçysy oýnuň 82-nji minutynda hasaby ikä çykardy.

Bu duşuşykda ýeňiş gazanan “Kaspiý” topary toplan dört utugy bilen ýaryş tertibinde bäşinji orna geçmegi başardy.

29 ýaşly R.Mingazowyň “Kaspiý” bilen bir ýyla niýetlenendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.