Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Röwşen Muhadowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda iki günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

«Aşgabat» köpugurly stadionynyň türgenleşik meýdanynda 3-4-nji aprel aralygynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna tälimçiler düzümi (Röwşen Muhadow-baş tälimçi, Kamil Mingazow-tälimçi, Begenç Garaýew-tälimçi, Said Seýidow-tälimçi, Pawel Matus-derwezeçileriň tälimçisi) milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 37-sini gözden geçirer.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda çykyş edýän futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň galan duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçirilip, ony Koreýa Respublikasy kabul eder.

Saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynda Koreýa Respublikasy, KHDR (Koreýa Halk Demokratik Respublikasy), Liwan hem-de Şri-Lanka bilen bilelikde çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklarynyň 3-15-nji iýun (3-nji iýun – Koreýa Respublikasy-Türkmenistan; 11-nji iýun – Türkmenistan-Liwan; 15-nji iýun – KHDR-Türkmenistan) aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary toparçada geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň sanawy:

Familiýasy, adyToparyDoglan senesi:
Annagulyýew Güýçmyrat«Altyn Asyr»10.06.1996 ý.
Annadurdyýew Altymyrat«Altyn Asyr»13.04.1993 ý.
Ataýew Ahmet«Altyn Asyr»19.09.1990 ý.
Babajanow Zafar«Altyn Asyr»09.02.1987 ý.
Batyrow Gurbangeldi«Altyn Asyr»28.07.1988 ý.
Berdiýew Döwletýar«Altyn Asyr»05.05.1998 ý.
Saparow Mekan«Altyn Asyr»22.04.1994 ý.
Titow Mihail«Altyn Asyr»18.10.1997 ý.
Ylýasow Wezirgeldi«Altyn Asyr»18.01.1992 ý.
Rejebow Berdimyrat«Altyn Asyr»19.06.1995 ý.
Jallatow Döwletmuhammet«Altyn Asyr»17.02.1990 ý.
Annaýew Myrat«Altyn Asyr»06.05.1993 ý.
Akmämmedow Begenç«Altyn Asyr»01.06.1998 ý.
Baýow Begmyrat«Altyn Asyr»05.07.1998 ý.
Halmämmedow Röwşengeldi«Altyn Asyr»07.10.1997 ý.
Ballakow Welmyrat«Altyn Asyr»04.04.1999 ý.
Aşyrow Gurbanguly«Ahal»20.02.1993 ý.
Bäşimow Abdy«Ahal»12.12.1995 ý.
Beknazarow Mirza«Ahal»15.05.2000 ý.
Diniýew Meýlis«Ahal»11.07.2000 ý.
Gurbani Amir«Ahal»24.10.1987 ý.
Geldiýew Ata«Ahal»27.01.1990 ý.
Hojaýew Resul«Ahal»07.01.1997 ý.
Tagaýew Elman«Ahal»02.06.1989 ý.
Tamurkin Ilýa«Ahal»09.05.1989 ý.
Hojowow Hoşgeldi«Ahal»28.02.1996 ý.
Çaryýew Rasul«Ahal»30.09.1999 ý.
Annaýew Gurban«Ahal»10.05.1995 ý.
Sapargulyýew Arzuwguly«Ahal»28.07.2001 ý.
Magtymow Yhlas«Şagadam»20.04.1992 ý.
Ýakşiýew Murat«Şagadam»12.01.1992 ý.
Saparmämmedow Yhlas«Köpetdag»25.02.1997 ý.
Seýitmuhammedow Döwletmyrat«Köpetdag»03.12.1996 ý.
Gurbanow Merdan«Nebitçi»30.08.1991 ý.
Babaýew Batyr«Nebitçi»21.08.1991 ý.
Towakelow Nazar«Aşgabat»11.10.1997 ý.
Garaýew Gurbanmyrat«Aşgabat»27.06.1992 ý.
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.