Paýtagtymyzyň adybir topary düzümini güýçlendirdi

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edýän “Aşgabat” topary futbol çempionatymyzyň hem-de futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunçylaryny düzümine geçirdi.

Futbol çempionatymyzyň nobatdaky möwsüminiň öňüsyrasy paýtagtymyzyň adybir topary geçen möwsümde “Ahalda” çykyş eden Batyr Gaýlyýewi, Ezizmämmet Orazmämmedowi, Azady Annadurdyýewi düzümine goşdy. Mundan başga-da, “Ahalyň oýunçylary Şazada Bäşimow, Gurbangeldi Sähedow hem-de Daýanç Meredow “Aşgabat toparynda kärendesinde çykyş ederler.

“Energetigiň” oýunçylary Alikper Musaibow bilen Ilýa Salow, şeýle-de, “Şagadamyň” futbolçysy Musa Nurnazarow hem hünär ýollaryny paýtagtymyzyň toparynda dowam ederler.

Şeýle-de, “Aşgabat topary Naýbaşy futzal ligasynyň oýunçylary Maksat Myradow (“Köpetdag”) bilen Hydyrgeldi Atdjanowy (“Gümrükçi”) hem düzümine goşdy.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň jemi boýunça “Aşgabat” topary toplan 36 utugy bilen bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.