“Ahal” Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysyny düzümine geçirdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Resul Hojaýew ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” toparynyň düzümine goşuldy.

R.Hojaýewiň täze toparyna ýurdumyzyň çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparyndan geçendigini ýatladýarys.

24 ýaşly Resul Hojaýewiň professional karýerasyny “Altyn Asyr” toparynda geçirendigini bellemek gerek. 2014-nji ýylda paýtagtymyzyň toparynyň düzümine goşulan bu ýarymgoragçy “Altyn Asyr” bilen bassyr ýedi gezek ýurdumyzyň çempiony diýen derejäni gazanmagy başardy.

Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki ilkinji duşuşygyny 2017-nji ýylda Kataryň ýygyndy toparynyň garşysyna bolan oýunda geçirdi. Şol duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňlen milli ýygyndymyzyň derwezä geçiren ýeke-täk topuny R.Hojaýew öz adyna ýazdyrypdy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.