Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzyň welaýatlarynyň futbol mekdeplerine futbol toplaryny sowgat berdi
01 Maý, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Mary, Lebap, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda ýerli futbol mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşyk geçirildi. Mary, Türkmenabat, Daşoguz hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda 6-njy aprelde geçirilen ýörite duşuşykda paýtagtymyzyň futbol mekdeplerine ýokary hilli toplar bilen birlikde ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirilipdi.

Golaý günlerde TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň bilelikde gatnaşmagynda bu duşuşyklar ýurdumyzyň Ahal welaýatynda hem geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.