Merkezi duşuşyk «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy
29 Oktýabr, 2021 ý.

Şu gün, 29-njy oktýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Altyn Asyr» hem-de «Ahal» toparlary duşuşdylar.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda «Ahal» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. «Ahala» ýeňiş getiren toplaryň ikisini Elman Tagaýew öz adyna ýazdyrmagy başardy. Geçiren bu toplaryndan soň gollarynyň sanyny dörde ýetiren E.Tagaýew çempionatymyzyň iň köp top geçiren oýunçylarynyň sanawynda öňdäki orna geçmegi başardy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynyň hemmesi hem deňlikde tamamlandy: «Merw» –«Köpetdag» – 2:2, «Nebitçi» – «Şagadam» – 0:0, «Energetik» – «Aşgabat» – 0:0.

Şeýlelikde, futbol çempionatymyzda geçirilen duşuşyklardan soň 7 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde öňdäki orna geçmegi başardy. «Altyn Asyr» (6 utuk) ikinji, «Şagadam» (4 utuk) bolsa üçünji orunlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji («Ahal» – «Energetik», «Şagadam» – «Altyn Asyr», «Köpetdag» – «Nebitçi») hem-de 2-nji («Aşgabat» – «Merw») noýabrda geçiriler.

2-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Altyn Asyr» – «Ahal» – 1:3

Gollar: 55 Selim Ataýew (“Altyn Asyr”) – 33; 11 mj.u., 58 Elman Tagaýew, 45+3 Mekan Saparow; öz derwezesine (“Ahal”)

Duýduryşlar: 32 Güýçmyrat Annagulyýew, 60 Begmyrat Baýow (“Altyn Asyr”) – 26 Arslanmyrat Amanow, 42 Resul Hojaýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

«Merw» – «Köpetdag» – 2:2

Gollar: 49 Pirmyrat Gazakow, 53 Amangeldi Saparow (“Merw”) – 10 Begenç Akmämmedow, 42 Yhlas Saparmämmedow (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 21 Maksat Atagarryýew, 54 Amangeldi Saparow (“Merw”) – 56 Suražiddin Jumanyýazow, 67 Yhlas Saparmämmedow, 73 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony, (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

«Nebitçi» – «Şagadam» – 0:0

Duýduryşlar: 10 Begli Meredow, 34 Guwanç Abylow, 60 Umytjan Astanow, 78 Azat Garajaýew, 83 Muhammet Annaýew (“Nebitçi”) – 23 Yhlas Magtymow, 45+1 Möwlamberdi Goşşanow, 46 Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

«Energetik» – «Aşgabat» – 0:0

Duýduryşlar: 28 Muhammet Işangulyýew, 90+4 Şaweli Seýitgulyýew (“Energetik”) – 20 Azady Annadurdyýew, 39 Gurbangeldi Sähedow, 90+2 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»32106-17
2.«Altyn Asyr»32017-46
3.«Şagadam»21104-24
4.«Köpetdag»20203-32
5.«Merw»20114-61
6.«Aşgabat»20111-31
7.«Nebitçi»20110-21
8.«Energetik»20110-31
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.