Mary welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda “Merw” bilen “Energetik” toparlary duşuşarlar
26 Maý, 2022 ý.

Mary welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde finalda güýç synanyşjak toparlar belli boldy. Bu abraýa Ýokary liganyň wekilleri “Merw” hem-de “Energetik” toparlary mynasyp boldular.

Ýarymfinal duşuşyklarynyň ikisi hem Ýokary liganyň wekilleriniň ynamly ýeňişleri bilen tamamlandy. Geçirilen duşuşyklarynyň ikisinde hem “Merwdir” “Energetik” toparlary garşydaşlarynyň derwezelerinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirmegi başardylar.

“Merw” bilen “Energetigiň” arasyndaky final duşuşygy 28-nji maýda geçiriler.

Ýarymfinal duşuşyklarynyň netijeleri:
“Merw” – “Olimp” – 5:0
Gollar: 6 Mukam Nazzyýew, 25 Myrat Aşyrow, 40 Toýly Goçnazarow, 51 Begenç Alamow (11 m.j.u.), 69 Merdan Işangulyýew (“Merw”)
“Energetik” – “Kuwwat” – 5:0
Gollar: 8, 73 Guwanç Ýagmyrow, 23 Perman Hallyýew, 49 Süleýman Mirzoýew, 70 Mekan Çaryýew (“Energetik”)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.