Kubok ugrundaky bäsleşigiň duşuşyklary geçiriler
19 Oktýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi.

Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşar.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinal, ýarymfinal hem-de final duşuşyklarynyň ýeňijileri bir oýunda kesgitlener.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň duşuşyklary 5-nji noýabrda,

ýarym final duşuşyklary 7-nji dekabrda oýnalar. Final oýny bolsa 22-nji dekabrda geçiriler.

Duşuşyklar tertipde birinji görkezilen toparlaryň meýdanlarynda geçiriler.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň duşuşklary:

5-nji noýabr

“Nebitçi” – “Altyn Asyr”

“Aşgabat” – “Ahal”

“Merw” – “Şagadam”

“Energetik” – “Köpetdag”

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.