Kubok bäsleşiginde ýarymfinalçylar belli boldy
21 Sentýabr, 2022 ý.

Ýurdumyzyň Kubok ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň jogap duşuşyklary geçirilip, onda “Şagadam” – “Energetik”, “Aşgabat” – “Köpetdag”, “Merw” – “Ahal” hem-de “Nebitçi” – “Altyn Asyr” toparlary duşuşdylar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde ýarymfinala çykan toparlar belli boldy.

Bu abraýa “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam” hem-de “Aşgabat” toparlary mynasyp boldular. Şeýlelikde, Kubok bäsleşiginiň ýarymfinalynda “Ahal” – “Altyn Asyr” hem-de “Aşgabat” – “Şagadam” toparlary duşuşarlar.

Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinal duşuşyklary 26-njy oktýabrda hem-de 22-nji noýabrda oýnalar. Final oýny bolsa 11-nji dekabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Kubogynyň ¼ finalyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri:

“Şagadam” – “Energetik” – 2:0
Gollar: 23 Kerim Hojaberdiýew, 58 Roman Galkin (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 39 Aşyrgeldi Saryýew, 56 Baýramgeldi Nurlyýew (”Şagadam”) – 4 Mekan Çaryýew (“Energetik”)
Bellik: duşuşygyň 56-njy minutynda “Şagadamyň” oýunçysy Baýramgeldi Nurlyýew 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 4:0
Gollar: 8, 66 (11 m.j.u.) Pirmyrat Sultanow, 68 Nurýagdy Muhammedow, 86 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 44 Hydyrgeldi Atdjanow, 65 Döwletmuhammet Seýitmuhammedow, 72 Nurýagdy Muhammedow (“Aşgabat”) – 37 Baýramgeldi Gulmaýew, 64 Serdarmyrat Baýramow, 71 Batyrgylyç Berdiýew, 77 Ambýar Mahmudow (“Köpetdag”)
Meýdandan çykarylan:90 Şiri Annaýew (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 0:3
Gollar: 14 Wezirgeldi Ylýasow, 56, 60 Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 28 Muhammet Annaýew, 82 Seýitmämmet Hojamämmedow (“Nebitçi”) – 62 Selim Ataýew, 74 Ruslan Täjiýew (“Altyn Asyr”)
Bellik: duşuşygyň 82-nji minutynda Myrat Ýagşyýew (“Altyn Asyr”) 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Merw” – “Ahal” – 1:2
Gollar: 80 Alibek Abdyrahmanow (“Merw”) – 37 Meýlis Diniýew, 77 Didar Durdyýew (“Ahal”)
Duýduryşlar: 49 Maksat Atagarryýew, 64 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, 77 Mukam Nazzyýew, 90+4 Orazgeldi Myradow (“Merw”) – 65 Elman Tagaýew, 67 Abdy Bäşimow, 75 Mirza Beknazarow, 83 Hoşgeldi Hojowow (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.