“Köpetdag” täze oýunçylar bilen düzümini güýçlendirdi
17 Awgust, 2021 ý.

Paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňüsyrasy tejribeli oýunçylaryň üçüsini düzümine goşdy.

Paýtagtymyzyň toparynyň düzümine “Altyn Asyryň” tejribeli oýunçylary Döwletýar Berdiýew (derwezeçi), Begenç Akmämmedow hem-de Bagtyýar Gürgenow dagy goşuldy.

Şeýle-de, “Köpetdag” topary ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 28 duşuşygynda 41 utuk toplap, ýaryş tertibini dördünji hatarda tamamlady. Şeýle-de, bu topar geçen ýyl ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalyna çykmagy hem başardy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.