Konferensiýa ligasy ýaryşynyň öňüsyrasynda «Kaýratda» täze hünärmenler peýda boldy
16 Sentýabr, 2021 ý.

«Kaýrat» futbol kluby Konferensiýa ligasy ýaryşynyň öňüsyrasynda aşakdaky hünärmenler bilen şertnama baglaşdy:

Dmitriý Kiriçenko – baş tälimçiniň kömekçisi

Eduard Kunduhow – reabilitolog tälimçi

«Kaýrat» futbol klubynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew özüniň täze kömekçilerini «Rostow» we «Rubin» klublarynda işlän ýyllaryndan bäri tanaýar.

Iki hünärmen hem 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan Gurban Berdiýewiň tälimçiler toparyna goşuldylar.

Konferensiýa ligasynyň “H” toparçasynda çykyş edýän “Kaýrat” topary ilkinji duşuşygyny şu gün, 16-njy sentýabrda Kipriň “Omoniýa” topary bilen geçirer. Şeýle-de, bu toparçada Azerbaýjanyň “Garabah” hem-de şweýsarlaryň “Bazel” toparlarynyň hem çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, türkmenistanly futbol hünärmeni Gurban Berdiýew 2019-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çagyrmagy boýunça Aşgabada iş sapary bilen boldy.

Türkmenistanly hünärmen şonda iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň konferensler-zalynda ýurdumyzyň futbol hünärmenleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyga ýurdumyzyň çagalar-ýetginjekler toparlarynyň tälimçileri, futbol hem-de futzal toparlarynyň tälimçileri, TFF-niň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mundan başga-da, tejribeli hünärmeniň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky stadionlarda ýurdumyzyň futbol toparlarynyň hem-de çagalar futbol toparlary bilen açyk türgenleşikleriň birnäçesi guraldy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.