Ikinji tapgyryň çäginde “Köpetdag” “Aşgabatdan” üstün çykdy
05 Awgust, 2022 ý.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň çäginde şu gün bir duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” “Köpetdagy” kabul etdi. Bu duşuşykda netijeli çykyş eden “Köpetdag” 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Begenç Akmämmedow iki topy öz adyna ýazdyrdy. “Aşgabadyň” düzüminde Şatlyk Gurbanow tapawutlandy.

Şeýlelikde “Köpetdag” çempionatdaky ilkinji üç utugyny toplamagy başardy. “Aşgabat” geçiren iki duşuşygynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Futbol çempionatymyzyň ikinji tapgyry 6-7-nji awgustda dowam edip, onda “Energetik” – “Merw”, “Nebitçi” – “Şagadam” hem-de “Altyn Asyr” – “Ahal” toparlary duşuşarlar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.