Ikinji tapgyryň çäginde geçirilen duşuşyklar myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy
06 Awgust, 2022 ý.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň çäginde şu gün iki duşuşyk geçirildi.

Balkanabatda geçirilen duşuşykda “Nebitçi” “Şagadamy” kabul etdi. Bu duşuşykda hüjümde şowly çykyş eden myhmanlar 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň arasyndaky duşuşykda “Merw” myhmançylykda “Energetikden” 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen bu duşuşyklardan soň 6 utukdan toplan “Şagadam” bilen “Merw” toparlary ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýeleýärler.

Birinji tapgyryň ilkinji duşuşygynda “”Köpetdag” toparynyň myhmançylykda “Aşgabatda” 2:1 hasabynda üstün çykyp, çempionatdaky ilkinji üç utugyny toplandygyny ýatladýarys.

Futbol çempionatymyzyň ikinji tapgyry 7-nji awgustda paýtagtymyzda geçiriljek “Altyn Asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 1:2
Голы: 45+1 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”) – 88 (11 m.j.u.), 90+2 Begenç Akmämmedow (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 16 Begmyrat Arbatow, 33 Merdan Muhadow (“Aşgabat”) – 67 Ambýar Mahmudow, 75 Şamämmet Hydyrow (“Köpetdag”)
Meýdandan çykarylan: 33 Döwran Seýdiýew, tälimçi (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

“Energetik” – “Merw” – 1:2
Gollar: 29 Musa Nurnazaraow (“Energetik”) – 66, 80 Alibek Abdurahmanow (“Merw”)
Duýduryşlar: 2 Ruslan Priýew, 43 Musa Nurnazarow, 49 Serdar Annamämmedow, 50 Ezizmämmet Orazmämmäedow, 73 Meälis Rizäýew (“Energetik”) – 50 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, 73 Daýanç Orazgulyýew (“Merw”)
Meýdandan çykarylanlar: 90+2 Serdar Annamämmedow, ikinji duýduryş (“Energetik”) – 90+2 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, ikinji duýduryş (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Şagadam” – 0:1
Gol: 45 Ýunus Orazmmämmedow (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 85 Ýusup Annagurbanow (“Nebitçi”) – 90+3 Farhat Italmazow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.