«Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi
22 Noýabr, 2021 ý.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesi esasy orna çykaryldy. Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Mary şäherinde çagalaryň gatnaşmagynda bilelikde guran «Grassroots» futbol baýramçylygy hem bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Guralan baýramçylyk çäresinde Mary welaýatynyň futbol mekdepleriniň ýaşajyk futbolçylary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Mary şäherinde geçirilen «Grassroots» futbol baýramçylygynyň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Golaý wagtda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň bilelikde gatnaşmagyndaky çagalar futbol festiwallary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.