Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Azerbaýjandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
22 Sentýabr, 2022 ý.

Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy – 2022-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Baku şäherindäki “Abşeron Idman Kompleks” sport toplumynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz ýerli “Rekord Klub AZ” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mülkaman Annagulyýew bilen Maksat Soltanow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda geçiren birinji duşuşygynda “Baku Fire FK” toparyny ýeňlişe sezewar etdi (1:0). Ikinji duşuşygynda bolsa Azerbaýjanyň ýygyndy toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň Baku şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda çykyş etmek üçin Naýbaşy futzal ligasynda çykyş edýän futzalçylaryň 14-sini (2 derwezeçi, 12 oýunçy) çagyrandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 23-nji sentýabrda yklym ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýte döwletine ugur alar.

Ýygyndy toparymyz 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogyny-2022-niň final tapgyrynda “B” toparçada çykyş eder.

27-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda ýygyndy toparymyz Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşjak milli ýygyndymyz, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdança çykar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.