Futbola höwesek çagalaryň gözden geçirilişi guralýar
19 Awgust, 2021 ý.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 5-ine Aşgabat şäherinde ýaşaýan çagalar üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň («Dagdan») meýdançasynda (köç.Kemine 64) sagat 08.00-dan 10.00-a çenli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi 2014-nji ýylda doglan höwesjeň oglanlary saýlap-seçip, futbol mekdebine kabul edýär.

Ýanyňyz bilen sport geýimleri we aýakgap getirmeli, şahadatnamanyň nusgasy we 1 surat (3х4 ölçegde).

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 65 04-92-48

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.