Futbol boýunça zenanlar ýygyndymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär
12 Ýanwar, 2023 ý.

Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde ýetginjeklerden (U17) hem-de ýaşlardan (U20) düzülen zenanlar ýygyndy toparlarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. 14-nji ýanwara çenli dowam etjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi iki ýaş derejesindäki ýygyndy toparymyzyň hataryna çagyryljak oýunçylary gözden geçirerler. Ýeri gelende bellesek, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy welaýatlarymyzyň ähli künjeklerinden gelen oýunçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär.

Yklym ýaryşyna taýýarlyk görýän ýygyndy toparymyzyň türgenleşik ýygnanyşygynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýändigini bellemek gerek.

Ýetginjekler (U17) hem-de ýaşlar (U20) zenanlar ýygyndy toparlarymyzyň 2023-nji ýylda ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda çykyş ederler.

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen zenanlar ýygyndysy (U20) Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda “H” toparçada bäsleşer. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň hem-de Bangladeşiň ýygyndylary bolar.

Saýlama tapgyryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 6-12-nji martynda geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Bangladeşde geçirilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen zenanlar ýygyndysy (U17) bolsa Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda “D” toparçada çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary Bangladeşiň, Singapuryň hem-de BAE-niň ýygyndy toparlary boldular.

Saýlama tapgyryň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 22-30-njy aprelinde geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Singapurda geçirilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2023.
Ähli hukuklary goragly.