Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynda soňky duşuşygyny geçirer
14 Iýun, 2022 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky soňky duşuşygyny şu gün, 14-nji iýunda Bahreýniň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 14:15-de Kuala-Limpur şäheriniň “Bukit Jalil” stadionynda geçiriler.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş edýär. Milli ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlarynyň Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlarydygyny ýatladýarys. Bu toparçadaky duşuşyklaryň hemmesi hem merkezleşdirilen görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýär.

Saýlama tapgyrynda geçirilen duşuşyklardan soň 6 utuk toplan Bahreýniň ýygyndy topary birinji orny eýeleýär. Iki oýunda üç utukdan toplan Malaýziýanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler. Malaýziýanyň ýygyndy toparynyň özaralaryndaky duşuşygyň netijesine görä ikinji orny eýeleýändigini ýatladýarys. Geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňlişe sezewar bolan Bangladeşiň milli ýygyndysy toparçada soňky orunda ornaşdy.

Saýlama tapgyrynyň jemi boýunça Aziýanyň Kubogy-2023-iň final tapgyryna ýygyndylaryň 11-si gatnaşmaga (her toparçanyň ýeňijisi hem-de ikinji orny eýelän milli ýygyndylaryň bäşisi) mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.