Futbol boýunça Mary welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler
14 Maý, 2022 ý.

14-nji maýda Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler.

Mary şäherinde geçiriljek Kubok bäsleşiginiň ýeňijileri 28-nji maýda belli bolar.

Kubok bäsleşiginiň deslapky tapgyrynda toparlar ilki toparçalaryň ikisinde bäsleşerler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinalda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Gatnaşýan toparlar:

“A” toparça
FK “Merw” (Mary şäheri)
“Kuwwat” (Mary etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi)
“Hereket” (Mary etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi)
“Murgap” (Murgap etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi)

“B” toparça
FK “Energetik” (Türkmenbaşy şäherçesi)
“Olimp” (Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebi)
“Baýramaly” (Baýramaly şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölümi)
“Ýolöten” (Ýoleten etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi)

Mary welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçiş tertibi:

I tapgyr
14.05.2022 ý.
“Merw” – “Murgap”
“Energetik” – “Ýolöten”
15.05.2022 ý.
“Kuwwat” – “Hereket”
“Olimp” – “Baýramaly”

II tapgyr
17.05.2022 ý.
“Murgap” – “Hereket”
“Ýolöten” “Baýramaly”
18.05.2022 ý.
“Merw” – “Kuwwat”
“Energetik” – “Olimp”

III tapgyr
21.05.2022 ý.
“Kuwwat” “Murgap”
“Olimp” – “Ýolöten”
22.05.2022 ý.
“Hereket” – “Merw”
“Baýramaly” – “Energetik”

Ýarymfinal duşuşyklary (25.05.2022 ý.)
“A” toparçanyň 1-nji orny – “B” toparçanyň 2-nji orny
“B” toparçanyň 1-nji orny – “A” toparçanyň 2-nji orny

Final (28.05.2022 ý.)

Bellik: Kubok bäsleşiginiň duşuşyklary Mary welaýatynyň köpugurly sport toplumynda we Mary şäheriniň “Energetik” stadýonynda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.