FIFA-nyň Tehniki direktorlarynyň halypaçylyk maksatnamasy TFF-de uly goldaw tapýar
28 Sentýabr, 2021 ý.

Dürli ugurlar boýunça (tälimçilik, oýun ugurlary, bäsleşikler, köpçülikleýin ösdürmek, zehinli ýaşlary öňe sürmek, ýaşlar we zenanlar futboly we b.) futboly ösdürmek üçin FIFA agza bolan assosiasiýalaryň hemmesine ýerine ýetiriji tehniki direktory bolan, saldamly iş alyp barýan Tehniki bölümi hömany zerur bolup durýar.

Şol maksat bilen FIFA degişli agzalary bilen birlikde Türkmenistanyň Futbol Federasiýasyny hem dürli ugurlarda goldap durýar. Onuň netijesinde FIFA TFF-niň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysynyň professional derejedäki ösüşini netijeli ösdürmek maksady bilen köp işleri alyp barýar.

TFF-niň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýetirýän “Köpetdag” hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Berdimyrat Nurmyradow geçen ýyl badalga berlen FIFA-nyň Tehniki direktorlarynyň halypaçylyk maksatnamasynyň netijesinde gymmatly tejribe toplaýar.

Bu barada beýanat beren Berdimyrat Nurmyradow şeýle gürrüň berdi:

– Bu maksatnamanyň esasy wezipesi federasiýanyň Tehniki direktoryny hemme taraplaýyn goldamakdan ybarat bolup, onuň dowamynda ýerlerde futboly ösdürmekde hemmetaraplaýyn bilimiňi artdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Hakykatdan hem men dowam edýän maksatnamanyň çäginde FIFA-nyň hünärmenlerinden köp zatlary öwrendim. Şeýle-de, FIFA agza bolan beýleki agza assosiasiýalardaky kärdeşlerim bilen köp pikir alyşmaga mümkinçilik aldym. Meniň hut özüm üçin bellesem, maksatnamanyň çäginde geçirilen onlaýn-duşuşyklar iş alyp barmakda ýetmeýän ugurlarymy seljermäge gowy mümkinçilik berdi.

Tehniki direktorlaryň halypaçylyk maksatnamasy Tehniki direktorlar üçin niýetlenip, onuň şahsy meýilnemelarda ybaratdygyny aýratyn bellemek gerek. FIFA bu maksatnamanyň çäginde agza bolan futbol assosiasiýalary 2 ýylyň dowamynda goldamakçy bolýar.

Bu maksatnamanyň esasy maksady ukyply, başarjaň ýolbaşçyny öňe çykarmakdan ybarat bolar:

“Önümçiligi ýokarlandyrmakdaky öňegidişlik”

“Oňyn özgertmeleri döretmek”

“Maksada ýetmekdäki ugurlary kesgitlemek”

“Özüň hem-de beýlekiler hakyndaky maglumatlary ýokarlandyrmak”

“Toparyň ynamlylygyny artdyrmak”

“Beýlekileri netijeli çagyrmakda dogumly hereket etmek”

“Öňdebaryjynyň endikleriniň esasy ugurlaryny ösdürmek”

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.