Elman Tagaýew AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda iň netijeli oýunçy boldy
17 Noýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Ahalyň» ýarymgoragçysy Elman Tagaýew gol geçirmek babatynda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda şu möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň we Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň hünärmenleri bu babatdaky takyk hasapnamalary ýöredip, ildeşimiziň «Ahalyň» düzüminde bary-ýogy 3 gezek meýdança çyksa-da, tora salan 5 goly bilen geçiren oýnuna görä alanyňda, iň netijeli oýunçy bolandygyny mälim etdiler.

Hasapnamada beýan edilişi ýaly, ildeşimiz 3 oýunda çykyş edip, 5 gezek tapawutlanmagy başarypdyr. Bu bolsa, her bir oýuna (5/3) =1,661,66 gol diýmegi aňladýar we bu ýaryşda möwsümiň iň ýokary netijesi hasap edilýär.

2021-nji ýylda AFK-nyň kubogynda iň köp pökgi geçiren (7 pökgi) Huseýin Narçaýewiň netijeliligi bolsa her oýna 1 gola deňdir. «Nasafyň» hüjümçisi Narçaýewyň 7 oýunda (7/7 = 1,0) çykyş edenligini bellemek gerek.

AFK-nyň kubogynyň mysaly ýygyndysy

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň we Türkmenistanyň futbol federasiýaysynyň hünärmenleri AFK-nyň kubogynyň mysaly ýygyndysyny düzdüler.

Derwezeçi
Saýid Abbas («Al-Muharrak», Bahreýn).

Goragçylar
Fernando Gomi («Li Man», Gonkong), Mohamed Al Banna («Al-Muharrak», Bahreýn), Rashed Al Hooti («Al-Muharrak», Bahreýn), Omar Eşmuradow («Nasaf», Özbegistan).

Ýarymgoragçy
Resul Hojaýew («Ahal», Türkmenistan), Elman Tagaýew («Ahal», Türkmenistan), Ahmet Akaiçi («Al-Kuweýt», Kuweýt), Şerzot Nasuryllaýew («Nasaf», Özbegistan).

Hüjümçiler
Huseýin Narçaýew («Nasaf», Özbegistan), Mahmud Al Mardi («Al-Muharrak», Bahreýn).

Tälimçi
Çan Hiu Ming («Li Man», Gonkong).

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.