Çempionatyň birinji duşuşygy çempionyň peýdasyna tamamlandy
20 Oktýabr, 2021 ý.

Şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda bäşinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berildi.

Bu duşuşykda paýtagtymyzyň “Aşgabat” hem-de “Altyn Asyr” toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşyk geçen ýylyň çempiony “Altyn Asyryň” 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. “Altyn Asyra” ýeňiş getiren toplary Güýçmyrat Annagulyýew, Mekan Saparow hem-de Altymyrat Annadurdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 1:3

Gollar: 80 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”) – 10 Güýçmyrat Annagulyýew, 35 Mekan Saparow, 66 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 27 Gurbangeldi Sähedow, 44 Myrat Amantaganow, 89 Hakmuhammet Bäşimow (“Aşgabat”) – 21 Rejebow Berdimyrat (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.