Bagtyýar Hojaahmedow hünär ýoluny “Merwde” dowam eder
10 Awgust, 2021 ý.

Mary şäheriniň “Merw” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňýany tejribeli goragçy Bagtyýar Hojaahmedowy düzümine geçirdi.

36 ýaşly bu goragçynyň 2011-2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda-da “Merw” toparynda çykyş edendigini bellemek gerek. B.Hojaahmedowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş etdi.

Mundan başga-da, “Merw” topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň “Merw” topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda 6-njy orny eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.