Altynjy tapgyryň duşuşyklary geçirildi
15 Noýabr, 2021 ý.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň altynjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary «Aşgabat» toparynyň garşysyna geçiren duşuşygyny 3:1 hasabynda öz peýdasyna tamamlap, toplan 16 utugy bilen öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» paýtagtymyzyň «Köpetdagyndan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 13 utuk toplan «Şagadam» ikinji orny eýeleýär.

Ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýän «Altyn Asyr» topary hem bu tapgyryň duşuşygyny öz peýdasyna tamamlady. Paýtagtymyzyň topary Marynyň «Merwini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Maryda ýerli «Energetik» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy – 2:0.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy noýabrda geçiriler: «Aşgabat» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Altyn Asyr», «Köpetdag» – «Energetik», «Merw» – «Ahal».

6-njy tapgyryň duşuşyklary:
«Ahal» – «Aşgabat» – 3:1
Gollar: 68, 77 Arslanmyrat Amanow, 90+5 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew («Ahal») – 55 Döwran Orazalyýew («Aşgabat»)
Duýduryşlar: 16 Şöhrat Söýünow, 22 Didar Durdyýew, 56 Ata Geldiýew («Ahal») – 32 Röwşen Baýlyýew, 57 Döwran Hojamämmedow, 67 Myrat Amantaganow, 90+5 Ezizmämmet Orazmämmedow («Aşgabat»)
Meýdandan çykarylan: 70 Myrat Amantaganow, ikinji duýduryş («Aşgabat»)
Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

«Şagadam» – «Köpetdag» – 3:1
Gollar: 7 Kerim Hojaberdiýew, 73 Yhlas Magtymow, 82 Möwlamberdi Goşşanow («Şagadam») – 90 Serdar Baýramow («Köpetdag»)
Duýduryşlar: 61 Ýewgeniý Tkaçenko, 79 Yhlas Magtymow, 84 Nazar Towakelow («Şagadam») – 39 Baýram Ataýew, 60 Elýas Akyýew, 73 Döwletýar Berdiýew, 79 Yhlas Saparmämmedow, 87 Bagtyýar Gürgenow («Köpetdag»)
Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), P.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

«Energetik» – «Nebitçi» – 2:0
Gollar: 5 Tirkiş Muhammetberdiýew, 76 Perman Hallyýew (11 m.j.u.) («Energetik»)
Duýduryşlar: 90+3 Begmyrat Pirkuliýew («Energetik») – 75 Begli Meredow, 90+4 Alibek Abdyrahmanow («Nebitçi»)
Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

«Altyn Asyr» – «Merw» – 2:1
Gollar: 18 Döwletgeldi Mirsultanow (öz derewezesine), 48 Mihail Titow («Altyn Asyr») – 79 Serdaraly Ataýew («Merw»)
Duýduryş: 74 Begenç Alamow («Merw»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş. Büzmeýin etr.)
Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»651016-416
2.«Şagadam»641114-913
3.«Altyn Asyr»640213-1012
4.«Nebitçi»61322-56
5.«Aşgabat»61237-105
6.«Merw»612310-145
7.«Köpetdag»60427-104
8.«Energetik»61145-124
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.