“Altyn Asyr” ýaryş tertibinde “Ahal” bilen deňleşdi
26 Noýabr, 2021 ý.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňdebaşçysy “Ahal” 1 utuk gazanan bolsa, ikinji orunda barýan “Altyn Asyr” 3 utuk gazanmagy başardy.

Balkanabatda ýerli “Nebitçi” bilen duşuşan “Ahal” 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançakda galmagy başardy.

Ikinji orny eýeleýän “Altyn Asyr” topary bu tapgyryň duşuşygyny öz peýdasyna tamamlady. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri myhmançylykda “Energetigi” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň paýtagtymyzyň topary hem 18 utuk toplady. Ýöne özara duşuşygynyň netijesinde “Ahal” birinji basgançagy eýeleýär.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” “Köpetdagdan” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Merw” Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyny” kabul etdi.

“Sport toplumy” stadionynda geçirilen duşuşykda “Şagadam” topary ýeňiş gazandy – 1:2. Şeýlelikde, “Şagadam” 17 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy (“Köpetdag” – “Merw”, “Aşgabat” – “Energetik”, “Şagadam” – “Nebitçi”) hem-de 30-njy (“Ahal” – “Altyn Asyr”) noýabrda geçiriler

8-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Merw” – “Şagadam” – 1:2
Gol: 26, 61 Nazar Towakelow (“Şagadam”) – 53 Begenç Alamow (11 m.j.u.) (“Merw”)
Duýduryşlar: 43 Serdaraly Ataýew, 87 Pirmyrat Gazakow (“Merw”) – 28 Hydyr Ýakubow, 38 Ýunus Orazmämmedow, 70 Nazar Towakelow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Ahal” – 0:0
Duýduryşlar: 6 Akmyrat Jumanazarow, 26 Batyr Babaýew, 54 Azat Garajaýew, 90 Sapa Аrazgylyjow (“Nebitçi”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

“Energetik” – “Altyn Asyr” – 0:1
Gol: 38 Rahman Myratberdiýew (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 7 Ruslan Priýew, 74 Daýanç Durdyýew, 78 Myrat Aşyrow, 88 Merdan Paltaýew (“Energetik”) – 83 Merdan Muhadow, 90+4 Güýçmyrat Annagulyýew (“Altyn Asyr”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: H.Atanyýazow (Aşgabat ş.)

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 1:2
Gollar: 70 Döwran Berdiýew (“Aşgabat”) – 53 Ýazgylyç Gurbanow, 65 Elýas Akyýew, (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 11 Hydyrgeldi Atdjanow, 82 Döwran Hojamämmedow (“Aşgabat”) – 20 Öwezbaý Muhammetmyradow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»853017-518
2.«Altyn Asyr»860216-1118
3.«Şagadam»852117-1117
4.«Köpetdag»824213-1210
5.«Nebitçi»81433-77
6.«Aşgabat»81349-136
7.«Merw»813412-176
8.«Energetik»81166-174
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.