“Altyn Asyr” öňdeligi saklamagyny dowam edýär
13 Maý, 2022 ý.

Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde 7 utuk toplan “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Bu tapgyryň çäginde “Köpetdag” bilen duşuşan “Altyn Asyr” 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyryň beýleki duşuşygynda güýç synanyşan“Aşgabat” bilen “Ahal II” toparlary hem deňme-deň oýnadylar (0:0).

Şeýlelikde geçirilen oýunlardan soň “Altyn Asyr” (7 utuk) birinji orny eýeleýär. Ikinji orny 5 utugy bolan “Köpetdag” eýeleýär. “Aşgabat” bilen “Ahal II” toparlary geçiren oýunlaryndan soň 1 utukdan topladylar.

Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary 14-nji maýda geçirilip, onda “Aşgabat” – “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” – “Ahal II” toparlary güýç synanyşarlar.

3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
“Ahal II” – “Aşgabat” – 0:0
Duýduryşlar: 50 Nurýagdy Baýramow (“Ahal II”) – 50 Batyr Täçnazarow, 50 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew
Kömekçi eminler: Ahmet Jumamyradow, Hanmyrat Gurbanow
Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Jumaýew
Gözegçi emin: Eldar Ramazanow
Oýnuň komissary: Hanmuhammet Atanyýazow

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 3:3
Gollar: 52 Begenç Akmämmedow (11 m.j.u.), 58 Möwlamberdi Goşşanow (öz derwezesine), 90+3 Serdarmyrat Baýramow (“Köpetdag”) – 17 Möwlamberdi Goşşanow, 80 Begmyrat Baýow, 83 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 15 Şazada Bäşimow, 15 Serdarmyrat Baýramow, 23 Şamämmet Hydyrow, 69 Döwletýar Berdiýew, 83 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”) – 28 Nurmyrat Rozyýew, 40 Mekan Saparow, 51 Güýçmyrat Annagulyýew (“Altyn Asyr”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow
Kömekçi eminler: Eziz Ýazmyradow, Myrat Nurberdiýew
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow
Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow
Oýnuň komissary: Rustam Japarow

Bellik: Eminleriň hemmesi hem Aşgabat şäherine wekilçilik edýärler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.