“Altyn Asyr” öňdeligi eýeleýär
11 Maý, 2022 ý.

Paýtagtymyzda dowam edýän Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde 6 utuk toplan “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär.

Ikinji tapgyryň çäginde “Ahal II” topary bilen duşuşan “Altyn Asyr” garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Aşgabat” bilen “Köpetdag” 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Şeýlelikde, geçirilen iki tapgyrdan soň 4 utuk toplan “Köpetdag” ikinji, 1 utugy bolan “Aşgabat” bolsa üçünji orunlary eýeleýärler.

Ýeri gelende bellesek, toparlar ilki iki aýlawdan ybarat bolan duşuşyklarda özara bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Beýleki iki topar bolsa üçünji orun ugrunda geçiriljek oýunda güýç synanyşar.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň üçünji tapgyrynyňň duşuşyklary 13-nji maýda geçirilip, onda “Ahal II” – “Aşgabat” hem-de “Köpetdag” – “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.

2-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 1:1
Gollar: 78 Merdan Muhadow (“Aşgabat”) – 36 Bagtyýar Gürgenow (“(Köpetdag”)
Duýduryşlar: 33 Batyr Täçnazarow, 80 Pirmyrat Sultanow (“Aşgabat”) – 33 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Çary Gurbanow
Kömekçi eminler: Mergen Allaberdiýew, Ýusup Jumamyradow
Ätiýaçdaky emin: M.Gaýypow
Gözegçi emin: Eldar Ramazanow
Oýnuň komissary: Rustam Japarow

“Altyn Asyr” – “Ahal II” – 3:1
Gollar: 13 Nurýagdy Baýramow (öz derwezesine), 33 Myrat Annaýew, 83 Nurmyrat Rozyýew (“Altyn Asyr”) – 54 Meýlis Hoşmyradow (“Ahal II”)
Duýduryşlar: 37 Begmyrat Baýow (“Altyn Asyr”) – 17 Andreý Timçur, 70 Myrat Dadaýew (“Ahal II”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow
Kömekçi eminler: Ahmet Jumamyradow, Myrat Nurberdiýew
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow
Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow
Oýnuň komissary: Hanmuhammet Atanyýazow

Bellik: Eminleriň hemmesi hem Aşgabat şäherine wekilçilik edýärler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.