Futbol boýunça ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn Asyr» futbol topary täze möwsümiň öňüsyrasy türgenleşik işlerine başlady. Bu barada «Altyn asyr» fubol klubynyň metbugat gullugy habar berýär.
Paýtagtymyzyň toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ilki bilen tälimçiler düzümi we oýunçylar bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Soňra bolsa, ähli oýunçylaryñ gatnaşmagynda ýeňil görnüşdäki türgenleşik işleri geçirildi.
Ýeri gelende bellesek, “Altyn Asyr” topary geçen möwsüm ýurdumyzyň çempionlygy bilen Kubok ugrundaky bäsleşikde üstünlik gazanmagy başarypdy.