«Altyn Asyr» bilen «Köpetdag» toparlary AFK-nyň Kubogy-2022-de çykyş ederler
10 Ýanwar, 2022 ý.

Geçen möwsüm ýurdumyzyň futbol çempionatyny birinji hatarda tamamlan «Altyn Asyr» hem-de dördünji orny eýelän «Köpetdag» toparlary AFK-nyň kubogy ― 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş ederler. AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy 17-nji ýanwarda onlaýn görnüşinde Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy bu bije çekilişik üçin sebetleri kesgitledi. Geçen ýyl bolşy ýaly, toparlarymyz Merkezi sebitde çykyş ederler. Bu sebitde iki toparça bolup, olaryň birinde dört, ikinjisinde bolsa üç topar bolar. Sebitleýin final duşuşygy iki toparçanyň ýeňijisiniň arasynda geçiriler.

Sebetler, Merkezi sebit
1-nji sebet: «Nasaf» ýa-da «Sogdiana» (Özbegistan), «Hujand» (Täjigistan). Özbek toparlarynyň haýsynyň gatnaşjakdygy «Nasafyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda gazanjak netijesine bagly.
2-nji sebet: «Altyn asyr (Türkmenistan), «Dordoý» (Gyrgyzystan).
3-nji sebet: SSKA (Täjigistan), «Köpetdag» (Türkmenistan).
4-nji sebet: «Neftçi» (Gyrgyz Respublikasy).

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.