Ahmet Agamyradow Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi
02 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (U23) baş tälimçisi wezipesine türkmenistanly hünärmen Ahmet Agamyradow bellenildi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň häzirki wagtda Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlyk işlerini alyp barýandygyny ýatladýarys.

Saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

42 ýaşly A.Agamyradowyň mundan öň hem ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy toparynyň türgenleşdirendigini bellemek gerek. Bu hünärmeniň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar ýygyndymyz 2014-nji ýylda Sankt-Peterburgda geçirilen Arkalaşygyň Kubogynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň çägindäki 11 toparçanyň ýeňijileri bilen ikinji orny eýelän ýygyndy toparlaryň iň gowy netije görkezenleriniň dördüsi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.