“Ahalyň” oýunçysy AFK-nyň Kubogy – 2021-iň iň ökde oýunçylarynyň sanawyna düşdi
30 Sentýabr, 2021 ý.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň resmi saýtynda AFK-nyň Kubogy-2021-iň iň ökde oýunçysyny saýlamak bilen bagly ses berlişige başlandy.

Onda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Elman Tagaýewiň adynyň hem bardygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” toparynyň düzüminde AFK-nyň Kubogynyň Merkezi Aziýa sebitinde geçirilen toparçalaýyn ýaryşyna, soňra bolsa final duşuşygyna gatnaşan E.Tagaýewiň geçirilen duşuşyklarda 5 gezek tapawutlanmagy başarandygyny bellemek gerek.

Şu ýylyň 3-nji oktýabryna çenli dowam edýän ses berlişiginde (ses berlişigiň salgysy: https://www.the-afc.com/en/club/afc_cup/news/2021_afc_cup_the_stats_leaders.html) türkmen futbolçysyny bilelikde goldalyň.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.