«Ahal» ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär
08 Noýabr, 2021 ý.

Şu gün, 8-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçilikleirni ýerlikli peýdalanan «Ahal» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 13 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Balkanabadyň «Nebitçisi» öz meýdanynda paýtagtymyzyň «Aşgabady» bilen geçiren duşuşygynda 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Marynyň «Energetik» bilen «Merw» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 2:3 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Altyn Asyr» öz meýdanynda «Köpetdagy» ýeňlişe sezewar etdi – 2:1

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyry 12-nji noýabrda geçirilip, onda «Şagadam» – «Energetik» hem-de «Merw» – «Nebitçi» toparlary duşuşarlar. Bu tapgyryň çägindäki iki duşuşyk 20-nji hem-de 22-nji oktýabrda geçirilip, onda «Aşgabat» – «Altyn Asyr» (1:3) hem-de «Köpetdag» – «Ahal» (1:1) toparlary duşuşypdylar.

Şeýle-de, 12-nji noýabrda birinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy («Köpetdag» – «Aşgabat») hem geçiriler.

4-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Ahal» – «Şagadam» – 4:0

Gollar: 12 (11 m.j.u.), 82 (11 mj.u.) Elman Tagaýew, 38 Didar Durdyýew, 87 Amir Gurbani («Ahal»)

Duýduryşlar: 31 Ilýa Tamurkin, 66 Ybraýym Mämmedow («Ahal») – 48 Baýramgeldi Nurlyýew («Şagadam»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

«Energetik» – «Merw» – 2:3

Gollar: 42 Perman Hallyýew, 59 Tirkiş Muhammetberdiýew («Energetik») – 70 Amangeldi Saparow, 90 Döwletgeldi Mirsultanow, 90+6 Döwletmyrat Döwletmyradow («Merw»)

Duýdyryşlar: 20 Tirkiş Muhammetberdiýew, 50 Serdar Annamämmedow, 63 Begmyrat Pirkuliýew («Energetik») – 2 Döwletgeldi Mirsultanow, 90+6 Mukam Nazzyýew, 90+6 Ýeňiş Nazzyýew («Merw»)

Meýdandan çykarylanlar: 90+1 Serdar Annamämmedow, ikinji duýduryş («Energetik») – 90+1 Döwletgeldi Mirsultanow, ikinji duýduryş («Merw»)

Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

«Nebitçi» – «Aşgabat» – 1:0

Gol: 73 Guwanç Abylow («Nebitçi»)

Duýdyryşlar: 46 Muhammet Annaýew, 90+3 Hemra Gulyýew, 90+3 Serdar Tukiýew («Nebitçi») – 85 Röwşen Baýlyýew, 90+2 Azady Annadurdyýew («Aşgabat»)

Bellik: Duşuşygyň 88-nji minutynda Merdan Gurbanow («Nebitçi») 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdyýazow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

«Altyn Asyr» – «Köpetdag» – 2:1

Gollar: 20, 36 (11 m.j.u.) Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr») – 27 Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»)

Duýdyryşlar: 15 Begmyrat Baýow, 24 Mihail Titow, 56 Furkat Tursunow, 63 Berdimyrat Rejebow, 90+4 Selim Ataýew («Altyn Asyr’) – 18 Serdarmyrat Baýramow, 29 Ýakup Magsadow, 90+4 Begenç Akmämmedow («Köpetdag»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: H.Atanyýazow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»541013-313
2.«Altyn Asyr»530211-99
3.«Şagadam»42118-87
4.«Nebitçi»41211-25
5.«Aşgabat»41124-54
6.«Merw»41128-114
7.«Köpetdag»40314-53
8.«Energetik»40133-91
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.