"Ahal" Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ýarymgoragçysy bilen şertnama baglaşdy
03 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow hünär ýoluny ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” futbol klubunda dowam eder.

GOÝÇÝSM-yň uçurymy bolan Arslanmyrat Amanow dürli ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynda “Altyn Asyr”, “Aşgabat”, HTTU, Gazagystanyň çempionatynda “Okjetpes”, “Irtyş”, Özbegistanyň çempionatynda “Lokomotiw”, “Buhara”, AGMK hem-de “Sogdiana” toparlarynda çykyş etdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2009-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçysy hökmünde meýdana çykdy.

Ýeri gelende bellesek, A.Amanow şu möwsümiň birinji ýarymynda Özbegistanyň “Sogdiana” toparynda çykyş etdi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.