“Ahal” topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy
07 Dekabr, 2022 ý.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykan “Ahal” topary taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Mergen Orazowyň tälim berýän topary bu abraýa çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda mynasyp boldy.

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Futbol federasiýasy “Ahal” toparyny taryhy çempionlygy bilen gutlaýar.

Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden “Altyn Asyr” “Köpetdagdan” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. 52 utuk toplan “Altyn Asyr” topary ýeňlişine garamazdan, wagtyndan öň çempionatymyzyň kümüş medalyna mynasyp boldy. “Merw” topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýelemegini dowam edýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň duşuşyklary 14-nji dekabrda geçiriler: “Energetik” – “Şagadam”, “Ahal” – “Köpetdag”, “Altyn Asyr” – “Merw”, “Nebitçi” – “Aşgabat”.

25-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 2:1
Gollar: 83 Serdar Baýramow, 87 Begenç Akmämmedow (“Köpetdag”) – 65 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 81 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”) – 78 Arslan Saparow (“Altyn Asyr”)
Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

“Şagadam” – “Ahal” – 2:4
Gollar: 2, 16 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow (“Şagadam”) – 11 (11 m.j.u.), 17 Didar Durdyýew, 29 Ata Geldiýew, 90+3 (11 m.j.u.) Arslan Amanow (“Ahal”)
Duýduryşlar: 14 Ýusup Orazmämmedow, 38 Yhlas Magtymow, 70 Kerim Hojaberdiýew, 87 Kemal Metdäýew (“Şagadam”) – 15 Ata Geldiýew (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:

T/bToparlarOÝDUTU
1“Ahal”24213079-1666
2“Altyn Asyr”24157241-1552
3“Merw”25124939-3540
4“Köpetdag”251221141-3938
5“Şagadam”25941241-4031
6“Aşgabat”25931329-3630
7“Energetik”25431818-5815
8“Nebitçi”25322029-7811
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2023.
Ähli hukuklary goragly.