«Ahal» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär
17 Sentýabr, 2022 ý.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary nobatdaky ýeňşini gazanyp, ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. «Ahal» topary bu tapgyrda myhmançylykda «Energetigi» 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ikinji orny eýeleýän «Altyn Asyr» topary bu tapgyrda öz meýdanynda «Şagadamdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Balkanabatda ýerli «Nebitçi» topary paýtagtymyzyň «Köpetdagyndan» 2:4 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy Aşgabat şäherinde geçirilip, onda ýerli «Aşgabat» Mary şäheriniň «Merw» topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 2:1 hasabynda myhman toparyň peýdasyna tamamlandy

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 28-e ýetiren «Ahal» birinji orny eýelemegini dowam edýär. 21 utugy bolan «Altyn Asyr» ikinji, 19 utuk toplan «Merw» bolsa üçünji orunlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy hem-de 30-njy sentýabrda geçiriler: «Aşgabat « – «Energetik», «Merw» – «Nebitçi», «Köpetdag» – «Altyn Asyr», «Şagadam» – «Ahal».

10-njy tapgyryň duşuşyklary:

«Aşgabat» – «Merw» – 1:2
Gollar: 49 Hydyrgeldi Atajanow («Aşgabat») – 61 Rustam Matrizaýew, 89 (11 mj.u.) Söhbet Allanurow («Merw»)
Duýduryşlar: 39 Atageldi Geldiýew, 83 Merdan Gurbanow («Aşgabat») – 16 Mukam Nazzyýew, 80 Amangeldi Saparow («Merw»)
Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

«Energetik « – «Ahal» – 0:4
Gollar: 15 (11 m.j.u.), 53 Elman Tagaýew, 48 Didar Durdyýew, 51 Arslanmyrat Amanow («Ahal»)
Duýduryş: 15 Ruslan Priýew («Energetik»)
Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

«Altyn Asyr» – «Şagadam» – 2:1
Gollar: 44 Begmyrat Baýow, 45+1 Begençmyrat Myradow («Altyn Asyr») – 68 Hakmuhammet Bäşimow («Şagadam»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

«Nebitçi» – «Köpetdag» – 2:4
Gollar: 49 (11 m.j.u.) Serdar Tukiýew, 59 Myratdurdy Baýramow («Nebitçi») – 9, 90+3 Yhlas Saparmämmedow, 17 Ýazgylyç Gurbanow, 82 Şamämmet Hydyrow («Köpetdag»)
Duýduryşlar: 12 Döwletmämmet Garaýew, 53 Gurbandurdy Arazgylyçew, 72 Muhammet Annaýew, 80 Ýusup Annagurbanow (administrator), 85 Magtymberdi Berenow, 90+4 Seýitmämmet Hojamämmedow («Nebitçi») – 83 Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal» FK1091035-728
2.«Altyn Asyr» FK1063118-621
3.«Merw» FK1061315-1219
4.«Köpetdag» FK1060419-1718
5.«Şagadam» FK1042418-1414
6.«Energetik» FK102176-257
7.«Aşgabat» FK1020811-186
8.«Nebitçi» FK1010911-343
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.